• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi paýdarlar jemgyýetine öwrüler

  27.08.2020

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow hasabatynda belläp geçdi.

Hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawynda "Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi" bar.

Marynyň gön zawodynda esasy wezipesi iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işlemäge ýaramly enjamlaryň könelmegi sebäpli, önümçilik kuwwatynyň 30 göterimi ulanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, kärhananyň durkuny täzelemek, jübüt aýakgap öndürýän bölümi işe girizmek göz öňünde tutulýar. Taslama "Röwşen hususy" kärhanasynyň gatnaşmagynda amala aşyrylar.

Bäherdeniň tikin fabriginiň çykarýan önümlerini döwrebaplaşdyrmak we sanawyny giňeltmek maksady bilen, ony Dokma senagaty ministrliginiň we hususy pudagyň gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmäge gönükdirilendigini belläp, döwlet Baştutany wise-premýere ykdysadyýetiň esasy düzümleriniň biri bolan dokma pudagynyň öňünde önüm öndürilişini artdyrmak, täze, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin zerur bolan ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.