• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Nah ýüplügi ― Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda islegli haryt

  24.05.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 30 sany geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Şeýle hem BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million dollaryna golaý, Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa bahasy 292 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan içerki bazar üçin bahasy 12 million 200 müň manatlykdan gowrak reňksiz aýna we pagta süýümi satyn alyndy.