• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Nyýazow adyndaky nah mata kombinaty jorap önümçiligine başlady

  28.09.2021

S.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynda «MEŞHURAÝ» haryt nyşany bilen jorap önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi, dokma we sintepon önümleri, şol sanda ýorganlar, ýassyklar we matraslar öndürilýär. Kombinatda bu täze önümleriň önümçiligi 2021-nji ýylyň awgustynda ýola goýuldy.

Häzirki wagtda nah mata kombinatynda bir günde joraplaryň 10 müňden gowrak jübüti öndürilýär. Olar erkekler, zenanlar, çagalar, ýetginjekler we lukmanlardyr harby gullukçylar üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde 20 müň metrden gowrak biz matalary we gaplama materiallary öndürilýär.