• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Özbegistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary dokma senagatyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga çagyrýar

  23.05.2021

26 ― 30-njy maý aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde «Uztekstilprom» Assosiasiýasy bilen «Iteca Exhibitions» sergi kompaniýasynyň bilelikde guramaklarynda «Global Textile Days Spring» atly birnäçe sergiler guralar. Bu çäreler dünýäniň dokma senagatynyň ösüş meýillerini açyp görkezmegi maksat edinýär.

Sergi hepdeliginiň ilkinji güni Özbegistanyň Halkara dokma maslahaty geçirilip, onuň barşynda ulgamyň ösüşi, pandemiýa döwrüniň tejribe alyşmalary, şeýle hem dokma senagatynyň döwrebap meýilleri barada gürrüň ediler. Mundan başga-da, şol gün ulgamlaýyn tanyşdyrmalar we sapaklar guralar.

27 ― 29-njy maýda «UzEkspoSentr» PJ NWK-niň çäginde «UzTexstile Expo Ýaz 2021» atly 3-nji Halkara dokma we döwrebap senagat sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de tutuş bir hepdäniň dowamynda sergä gatnaşyjylara we hyzmatdaşlara Özbegistanyň dokma senagatynyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilikler dörediler. Munuň üçin serginiň myhmanlary özbek kärhanalaryna baryp görmek we Buharsk oblastynda täze önümçilik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak şerti bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň dokma senagaty ulgamynyň wekilleri hem Özbegistanda guraljak sergi hepdeliginiň çärelerine gatnaşmaga çagyrylýar.