• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Sakarçäge etrabyndaky pagta egriji fabrigi milli dokma senagatyň ösmegine goşant goşýar

  01.11.2021

Sakarçägäniň Gurbansoltan Atamyradowa adyndaky pagta egriji fabriginde şu ýylyň degişli döwründe öňde goýlan meýilnama 103 göterim ýerine ýetirilip, kärhananyň işgärleri pudagyň ösmegine möhüm goşant goşýarlar.

Dokuz aýyň dowamynda fabrik tarapyndan meýilleşdirilen 3954 tonna ýüplügiň ýerine 4096 tonna önüm öndürildi. Fabrigiň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.