• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Täze ýyl nyşanly dokma önümleri ýurduň dükanlarynda satylmaga başlady

  17.12.2020

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlarynda we söwda nokatlarynda, alyjylaryň ünsüni baýramçylyk assortimenti bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny begendirmek maksady bilen - täze ýyl nyşanly ýokary hilli trikotaž we dokma önümleriniň täze görnüşleri müşderilere hödürlenýär.

Täze ýyl nagyşlary we bezegleri bilen bezelen dürli görnüşdäki dokma önümleri, gündelik eşiklerine üýtgeşme girizmek isleýänler şeýle-de ýadygärlik sowgatlar bilen dostlaryny we maşgalasyny begendirmek isleýänler üçin niýetlenendir.

Türkmenistanda öndürilýän trikotaž önümleri köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Dokma toplumynyň kärhanalary sportuň we gündelik geýilýän eşikleriň täze görnüşlerini yzygiderli çykarýarlar, dürli nagyşlar, keşdeler ýa-da meşhur markalaryň nyşanlary bolan matadan tikilen agyz-burun örtükleri hem köpçülik tarapyndan uly meşhurlyga eýedir.