• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​TDHÇMB-de bahasy ABŞ-nyň 3,2 million dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

  20.09.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 291 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň iş toparlary pagta ýüplügini we beýleki önümleri satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçilerine milli manat serişdelerine pagta ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 46 million 400 müň manada deň boldy. Şeýle hem ýerli telekeçiler içerki bazar üçin elde dokalan haly önümlerini satyn aldylar.

Mundan başga-da milli manat serişdelerine we daşay ýurt puluna portlandsement, aýna listleri we nebit himiýa önümleriniň birnäçe görnüşleri ýerlenildi.