• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  21.10.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 15 million 937 müň dollaryna deň bolan söwda geleşikleri baglaşyldy.

Milli manat serişdelerine we daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň telekeçilerine pagta ýüplügi satyldy. Şeýle-de BAE-niň işewürleri umumy bahasy 800 müň manat bolan pagta ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaryň barşynda nebitgaz toplumynyň önümleri, aýna listleri, awtoulaglar, gök-bakja we miwe önümleri ýerlenildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 15 million 937 müň dollaryna deň boldy.