• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy

  27.12.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Pakistanyň telekeçilerine ýüpek çig maly, aşgarlanmadyk we jinsi matalar, nah ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary, buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor kaliýsini, şeýle hem, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, çig ýagly kislotany, pagta galyndylaryny satyn aldylar.