• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 40 müň dollaryndan gowrak boldy

  15.07.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri pagta soapstogynyň arassalanmadyk çig ýag turşulygyny, portlandsementi, nebit galyndylaryny, nah ýüplügi we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 40 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazara zerur bolan polipropilen plýonkasy üçin çig maly, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny we buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 26 million 650 müň manada deň boldy.