• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmen pagta egriji fabrigi 30 million manatlyk önüm öndürdi

  06.11.2020

Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigi 10 aýyň dowamynda 30 million manatlyk önüm öndürdi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 5 million manat köpdür.

Şertnama laýyklykda, öndürilen ýüplügiň ýarsyndan köp bölegi daşary ýurtly sarp edijilere ýagny, Angliýa, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkiýe we başgada birnäçe döwletlere iberildi.

Köneürgenjiň pagta egriji fabrigi dokma senagaty boýunça täze ýokary öňdebaryjy tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan kärhanalaryň biridir. Bu ýerde ýylda 6700 tonna pagta süýümini we 6000 tonna ýüplük öndürmäge ukyply enjamlar bar.