• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmen seleksiýaçylary tarapyndan taýýarlanan täze sortly pagta Türkmenistanyň paýtagtynyň hormatyna atlandyryldy

  30.04.2021

Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary pagtanyň «Aşgabat-140» atly täze sortuny işläp taýýarladylar. Bu sort Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli atlandyryldy.

Merkeziň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Nowruzyň gürrüň berşi ýaly, täze sortuň esasynda ýokary hasyl berýän sortlaryň birnäçesi dur. Has takygy, pagtanyň bu täze sorty «Ýolöten-19», «As-21» we Zambiýadan getirilen IRCO sortlarynyň birleşmesinden alyndy.

Änewdäki synag meýdançasynda 10 ýyllap gözegçilikden geçirilen täze sort şu ýylyň aprel aýynyň ortasynda bellige alyndy.

Pagtanyň bu täze sorty ýokary hili we süýüminiň uzynlygy bilen tapawutlanýar.