• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmen ştapeli – ýeňil we ekologik taýdan arassa mata

  16.10.2020

Türkmenistanyň Prezidentiniň Dokma senagatyny ösdürmek boýunça öňe süren wezipelerine laýyklykda, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary ýokary hilli içerki dokma önümleriniň gerimini we önümçilik mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Ýeňil we ekologik taýdan arassa önüm bolan ştapel – türkmen halkynyň aýratyn islegine eýedir.

Terjime edileninde “ştapel” “süýüm bukjasy” diýen manyny aňladýar sebäbi bu matanyň önümçiliginde 45 mm uzyn bolmadyk gysga dokma süýümleri ulanylýar. Önümiň oňyn baha berilýän birnäçe häsiýeti bar, ýagny: gigroskopiki (çyglylygy siňdirýän), gipoallergen (allergiýa garşy) we ekologiki taýdan arassa.

Bu mata, gyz-gelinleriň milli köýneklerini tikmekde giňden ulanylýar. Mata dürli reňkler we öwüşgün bilen örtülen we dürli bezegler üçin ulanylýar. Ştapel diňe bir gyz-gelinleriň köýneklerini tikmek üçin däl, eýsem erkeklere we çagalara gerekli egin-eşikleri tikmek üçin hem ulanylýandygyny bellemelidiris. Meselem: köýnekler, futbolkalar, dürli görnüşli çaga eşikleri we ş.m.

Türkmenistanda ştapel önümçiligi, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary oturdylan dokma toplumlarynyň ösmegi bilen peýda boldy. Bu içerki bazary, owadan we ýokary hilli ýerli önümlerimiz bilen dolmagyna uly goşant goşýar şeýle-de import edilýän harytlaryň ornuny tutýar. Ähli önümler halkara standartlaryna laýyk gelýär we diňe bir içerki bazarda däl, eýsem dünýä bazarynda hem uly islege eýedir.