• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenabadyň tikin fabrigi mekdep we ýörite egen-eşikleri hödürleýär

  06.08.2021

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenabadyň tikin fabrigi mekdeplerde zähmet sapagy üçin ýörite egen-eşikleriň tikinçiligine başlady.

Eýýäm gyzlar üçin gülgüne reňkli halatlaryň 500 sanysy we oglanlar üçin kombinezonlaryň 800-den gowragy, şeýle hem fartuklaryň we gola geýilýänleriň 1000-den gowragy öndürildi.

Mekdep egin-eşiginiň tikin işleri hem dowam edýär. Kiçi synp okuwçylary üçin 500 sany ak fartuklar taýýarlanylyp, sargytçylara iberildi. Mundan başga-da, Türkmenabadyň tikin fabrigi okuw torbalaryny hem öndürýär, eýýäm 100 sany torba — gyzlar üçin gülgüne reňkde, oglanlar üçin gara reňkde torbalar öndürildi.