• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmenabat pagta egriji fabrigi ýyllyk meýilnamany artygy bilen berjaý etdi

  24.11.2021

Türkmenabat pagta egriji fabrigi ýylyň başyndan bäri 33 million manatdan gowrak önüm öndürdi. Fabrik 5 347 800 manatdan gowrak önüm öndürilip, ýyllyk meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirmegi başardy.

Şu ýyl Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan we Gyrgyzystana 1 846 tonna pagta ýüplügi eksport edildi.

Geçen ýyl fabrikada 4 130 764 manat önüm öndürilip, meýilleşdirilen ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.