Türkmenabat pagta egriji fabriginiň önümleriniň köpüsi eksport edilýär
18.01.2021
![](/images/store/Newss/News152/0185b6.jpg)
Türkmenabat pagta egriji fabrigi geçen ýyl önümleriniň köpüsini, ýagny öndürilen ýüplügiň 80 göterimini eksport etdi. Esasy eksport edijileri bolsa Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe we Polşa ýaly ýurtlardyr.
Bu fabrik 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň manatlyk önümiň ýerine 31 million 740 müň manatlyk önüm öndürdi.
Türkmenabat pagta egriji fabrigi 2009-njy ýyldan bäri işleýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň bu ýerde oturdylan enjamlary fabrigiň işgärlerine uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.
22.07.2024