• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenabatly tikinçileriň ýokary netijeleri

  12.01.2024

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmetsöýer tikinçileri 2023-nji ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemlemekligiň hötdesinden geldiler.

Ussat tikinçileriň tutanýerli zähmeti, çeper ellerden çykan tikin önümleriniň hil derejesiniň ýokary bolmaklygy, kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de yzygiderli gözlegler netijesinde ýyllyk meýilnama 125 göterimden aşyrylyp amal edildi. Şeýle ýokary netijäniň gazanylmagy fabrikde öndürijilikli zähmet çekmeklik we dynç almaklyk üçin amatly iş şertleriniň döredilmegi bilen hem baglanyşyklydyr.

Şeýle hem kärhananyň binasynyň döwrebap derejede durkunyň täzelenmegi, şonuň bilen birlikde önümçilige Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy öndürilýän tikin önümleriniň mukdaryny artdyrmaga we alyjylaryň hem-de sarp edijileriň isleglerine laýyk hil derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Fabrikde işler buýurmalar esasynda alnyp barylýar.

Bu ýerde, esasan, harbylar üçin geýimleriň dürli görnüşleri, mekdep okuwçylary üçin goşhaltalar, eşikler, çagalar baglary üçin ýorgan we ýassyk daşlary tikilýär. Kärhanada işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň aglabasynyň ýaşlar bolmaklygy, fabrikde halypa-şägirtlik usulynyň ýola goýulmagy işleriň has-da gyzgalaňly we ýokary öndürijilikli alnyp gidilmegine şert döredýär.