• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenbaşynyň Jins toplumy täze önüm öndürip başlady

  26.09.2020

Kärhana dünýäniň birnäçe döwletlerinde öndürilýän önümler bilen bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümleri öndürýär. 1996-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhanada, ýylda 1 million 560 müňden gowrak önüm öndürilýär.

Kärhanada erkekler, zenanlar üçin dürli görnüşli penjekler, jalbarlar, köýnekler şeýle-de çagalar üçin kurtkalar we şortylar öndürilýär. Ýakynda, mekdep okuwçylary üçin täze gabardin jalbarlary öndürilip başlandy.

Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň Jins toplumy içerki bazary önüm bilen doly üpjün edip, eksport mümkinçiliklerini barha giňeldýär. Kärhananyň önümleri ýokary hilli we amatly bahadan bolanlygy sebäpli ilat arasynda isleg ýokary bolup durýar.