Türkmenistan dokma we haly önümlerini haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda görkezdi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen milli önümleriň halkara sergisi bilen ugurdaş haryt-çig mal biržasynyň söwdalary guraldy. Onuň barşynda ýurdumyzyň dürli görnüşli dokma önümleri, şol sanda aşhana, hammam we ýatylýan otag üçin niýetlenilen toplumlar, süpürgiçler, egin-eşikler, lukmançylyk örtükleri, dürli görnüşli matalar we tüýjümek polotensalar görkezildi.
Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy ulgamlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dokma kärhanalarynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ABŞ-nyň 2 milliard dollary möçberinde maýa goýum sarp edildi.
«tstb.gov.tm» saýtynda habar berlişi ýaly, haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 2 müň tonnadan gowrak buýan köki, şeýle hem saryja we garaköl goýunlaryň alty görnüşli tohumy görkezildi.
Mundan başga-da, ýörite ugur boýunça ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlygy bolan türkmen halylary ýerleşdirildi.