Türkmenistan Russiýa eksportyň täze mümkinçiliklerini açýar
2-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň «Astrahan söwda-senagat palatasy» birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn eksport-import dolanşygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.
Gepleşiklere Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistan bilen RF-nyň Astrahan oblastynyň eksport mümkinçilikleri we import zerurlyklarynynyň meselelerine seredildi.
Bu duşuşyk oňa gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşiklere gatnaşyjylar türkmen önümleriniň - dokma harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Astrahan oblastyna iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.