Türkmenistan we Azerbaýjan bilelikdäki Söwda öýlerini açmaga taýýar
23-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Maddox» kompaniýalar toparynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň özenini Türkmenistanda we Azerbaýjanda bilelikdäki Söwda öýlerini açmak baradaky wezipe düzdi. Duşuşyk Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň guramagynda geçirildi.
Aşgabatda we Bakuda dostlukly döwletleriň Söwda öýlerini açmak baradaky taslamanyň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi, eksport mümkinçilikleriniň geljegini has netijeli ýagdaýa getirmegi meýilleşdirýärler.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda Russiýa, Belarus, Gyrgyzystan, Türkiýe, Hytaý ýaly döwletlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda öýleri hereket edýär.