• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

  27.10.2021

Türkmenistan sergi üçin Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýörite döredilen Ýumesima emeli adasynda geçiriljek "EKSPO-2025" Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin taýýarlyk görüp başlady. Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjowyň döwlet Baştutanymyza beren hasabatynda bellenildi.

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 3-nji maýyndan 3-nji noýabry aralygynda «Biz geljekki durmuşymyz üçin jemgyýet döredýäris» diýen şygar astynda guralar. Bu sergä dünýä döwletleriniň 170-si, şol sanda Türkmenistan gatnaşar. Şeýle hem serginiň myhmanlarynyň sanynyň 28 milliondan geçmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň häzirki wagtda Dubaý şäherinde(Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ol ýerde ýurdumyzyň dokma pudagynyň ýüpek, pombarh matalary we ondan taýýarlanýan önümleri, dokma kärhanalarynyň tebigy pagtadan ulular we çagalar üçin niýetläp taýýarlaýan önümleri, toplumlar we beýlekiler görkezildi.

Türkmen dokmasy daşary döwletlere eksport edilýän harytlaryň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär.