Türkmenistanda garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaralar bolup geçdi
Şu gün Türkmenistanda şanly sene — Garaşsyzlyk güni giňden bellenilip geçildi.
Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Aşgabatda, ýurdumyzyň Baş meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Telewizion görkeziliş ýurdumyzyň dürli obalarynda we şäherlerinde ýaşaýan watandaşlarymyza paýtagtymyzyň Baş meýdanynda guralan baýramçylyk çärelerine göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkinçiligini berdi. Şeýle hem häzirki döwrüň teleýaýlymlarynyň hem-de internet serişdeleriniň mümkinçiliklerine laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylary hem türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşyp bilýärler.
Baýramçylyk, däp bolşy ýaly, harby ýörişden başlandy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Baýramçylyk ýörişi howada dowam etdi. Döwrebap uçarlary ýokary uçuş ussatlygyny görkezýän türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň dikuçarlary ata Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmek işinde uly orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň birleşen harby orkestriniň eziz Diýarymyzyň baş baýramy mynasybetli taýýarlan sazly çykyşy belent ruhubelentlikde ýerine ýetirmegi dabaraly harby ýörişiň ajaýyp jemlenmesi boldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa egindeşleriniň adyndan Buýsançly diýen altynsow reňkli ajaýyp bedew sowgat berildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän uly dabarada bütin dünýäde şöhrat gazanan ezber jigitler görkezme maksatnamasy bilen çykyş edýärler. Bütindünýä festiwallarynyň we halkara bäsleşikleriň ençeme gezek ýeňijisi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýene-de tomaşaçylaryň öňünde at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezdi.
Soňra dabara ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş toplumynyň üstünlikleri hem-de gazananlary görkezmek bilen dowam etdi. Ugurdaş mazmunda owadan bezelen awtoulaglar geçip, şol üstünlikleri aýdyň görkezdi.
Dabaralar «Küştdepdi» tansy bilen tamamlandy. Tansyň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda howa şarlary bilen birlikde, parahatçylygyň we bagtyýarlygyň, hoşniýetli arzuwlaryň hem-de nurana umytlaryň nyşany hökmündäki arzuwlary özünde jemleýän ak kepderiler asmana uçuryldy.