• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmenistanda himiki süýümiň önümçiligi ýola goýulýar

  23.02.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Dokma senagaty ministrligi, enjamlar bilen üpjün etmek we önümçilige ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

Şeýle önümçiligi ýola goýmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary bäsleşige gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;

- bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;

- tehniki tabşyrygy almaly;

- getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;

- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim goşulan baha üçin salgydy tölemeli.

Arzalar şu ýylyň 15-nji martyndan gijä galman, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýyna tabşyrmaly. Arzalara hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.