• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanda söwda dolanyşygynyň ösüş depgini şu ýylyň 5 aýynda 109,1 %-e barabar boldy

  05.06.2021

2021-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,1 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 124,1 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 100,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirilip, 134,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 122-si geçirilip, 12 müň 835 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.

Telekeçilige berilýän goldawyň netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleriň öndürilişiniň ösüş depgini degişlilikde 126 göterime hem-de 106,6 göterime barabar boldy.