• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

  31.05.2021

Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Dabaranyň maksatnamasy tutuş ýurt boýunça geçirilýän köpsanly çärelere baý boldy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dabaralaryň geçirilýän merkezi boldy.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXI mejlisi, “Gözellik nusgasy – türkmen halysy” atly halkara maslahat geçirildi, şeýle hem milli söwda toplumynyň önümleriniň iki günlük sergisi guraldy.

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetiniň bahasyna ýetip bolmajak hazynasy diýlip ykrar edilen türkmen el halylary halkyň meşhur sungat eseri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada foruma gatnaşyjylar türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, şu güni we geljekki ösüşi bilen baglanyşykly eden çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň binýadyny emele getirýän durmuş pelsepesini we baý medeni-taryhy tejribesini açyp görkezýän beýleki ugurlar hem çykyşlarda şöhlelendirildi.

Dürli ýurtlarda el halylaryny dokamagyň taryhy ösüşini öwrenmek, dünýäniň halklarynyň amaly-haşam senediniň däpleriniň özara baglanyşygy we olary baýlaşdyrmak bilen bagly meseleler Russiýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden onlaýn görnüşde maslahata gatnaşan daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlarynyň esasyny düzdi.

Sergide köpçülige ýetirilen önümler söwda toplumynyň döwrebaplygyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini şöhlelendirmek bilen, “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly harytlaryň ýokary hilini, ekologik taýdan arassalygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýän özboluşly aýna öwrüldi. Ony guraýjylaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Tekstil senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bar. Sergi tamamlanandan soň onuň ähli gatnaşyjylaryna degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy.

Ýekşenbe güni Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjy işgärlerine hormatlary atlary dakmak dabarasy geçirildi, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, milli halyçylyk sungatynyň ösmegine goşan uly goşantlary, halal, yhlasy zähmetleri we hünär ussatlygy nazara alnyp,

“Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy. Sylaglananlar döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem gadymy, emma baky juwan sungaty mynasyp dowam etdirjek zehinli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin aýratyn alada edýän döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş aýtdylar.

Baýramçylyk güni “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi we Medeniýet ministrligi tarapyndan paýtagtyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde guralan sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy.