• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmenistanly tohum ösdürip ýetişdirijiler Özbegistanda bu pudagyň meselelerine bagyşlanan çärä gatnaşdylar

  11.12.2021

Özbegistanyň Samarkant şäherinde GDA ýurtlarynda tohum ösdürip ýetişdirmegiň meseleleri boýunça Hökümetara kadalaşdyryjy geňeşiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Çärä Arkalaşygyň döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň degişli düzümli wekilleri, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň we «Tohum» ylmy-önümçilik assosiasiýasynyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň esasy ugry tohumçylyk pudagy üçin mynasyp hünärmenleri ¬— seleksionerleri, tohum ösdürip ýetişdirijileri, genetikleri, inženerleri we beýlekileri taýýarlamagyň, seleksiýa işinde täze usullary ýüze çykarmagyň, botaniki baglary barlag işleri üçin meýdança hökmünde peýdalanmagyň, şeýle hem şäherde we oba ýerlerinde ýaşyl zolaklary döretmegiň meselelerine bagyşlandy.

Mejlisiň barşynda Samarkant oblastynda gurulýan «Щёлково Агрохим» paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasynyň binýadynda Orta Aziýa seleksiýa-tohumçylyk we tehnologiýa merkezini döretmek başlangyjy öňe sürüldi. Bu merkeziň döredilmegi seleksiýa-tohumçylyk ugrunda giň gerimli işleri alyp barmaga we muňa beýleki seleksiýa merkezlerini hem-de GDA döwletleriniň mineral dökünleri, ekinleri mör-möjeklerden goramakda ulanylýan serişdeleri öndürýän kärhanalaryny çekmäge mümkinçilik berer.

Geňeşiň indiki mejlisi 2022-nji ýylda Täjigistanda geçiriler.