Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde pagta ýygymyna girişildi
Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda howa-toprak şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişdiler.
Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, sebitiň 155 gektar ekin meýdanyndan 275 müň tonna «ak altynyň» hasylyny almak meýilleşdirilýär. Welaýatyň babadaýhanlary pagtanyň orta süýümli tohumyny ösdürip ýetişdirdiler.
Ekin meýdanlarynda döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işi ýola goýuldy. Ýygym möwsüminde bu ýerde John Deere kompaniýasynyň kombaýnlarynyň we beýleki tehnikalaryň ýüzlerçesi işlediler. Olaryň sany soňky ýyllarda yzygiderli artdyrylýar.
Pagtany daşamak işini 200 müňden gowrak tirkegli traktorlar we ýük awtoulaglary ýerine ýetirerler. Ýyglan pagta hasylyny kabul etmek üçin kabul ediş nokatlary we «Daşoguzpagta» pagta arassalaýjy kärhanasynyň önümçilik birleşigi gije-gündizleýin iş alyp barar.
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan pagta çig malynyň hiline döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen tejribehanalarda baha berler.
Pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli guralan çärä welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, alymlar, tejribeli agronomçylar, kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçiler gatnaşdylar.
Çäre din wekiliniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagy, halkymyzyň abadançylygy bilen bagly alkyş-dilegleri bilen pata berildi.
Soňra «ak altyn» ýüklenilen we döwlet baýdaklary bilen bezelen awtoulaglardyr tirkegli traktorlar täze hasylyň kabul ediljek nokadyna tarap ugradylar.
Geçen hepdede Türkmenistanda ilkinji bolup Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary pagta ýygymyna girişdiler. Ýurt boýunça «ak altynyň» umumy 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak maksat edinilýär.