• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA BRENDLERINIŇ ONLAÝN SÖWDASY ARTÝAR

  09.05.2022

Golaýda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi ähli dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň onlaýn söwdasy üçin ýörite web-saýty işe girizdi. «Altyn Asyr söwda meýdança» diýlip atlandyrylan onlaýn söwda platformasy arkaly Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini oturan ýeriňde satyn almak mümkin. Häzirki wagtda onlaýn sargyt edilen harytlaryň eltmesi Aşgabat şäheri boýunça tölegsiz amala aşyrylýar. Geljekde bu hyzmat ýurdumyzyň welaýatlarynda hem elýeterli bolar.

«Altyn Asyr» onlaýn söwda platformasy arkaly häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilen 504 görnüşli dokma önümini sargyt etmek mümkin. Onda 15 sany milli dokma brendleriniň önümleri ýerleşdirilen. Onlaýn platformada erkekler, zenanlar, ýetginjekler we çagalar üçin dürli geýimleri, dokma önümlerini, aýakgaplary sargyt etmek mümkin. Mysal üçin, söwda platformasynda häzirki wagtda 9 görnüşli panbarhat, 5 görnüşli ştapel we 3 görnüşli gülýüpek matalaryny sargyt etmek mümkin.

Dokma senagaty ministrliginiň «Sanly ulgam» bölüminiň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, söwda platformasy arkaly onlaýn söwda ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksat edinilýär. Müşderiler Türkmenistanda öndürilen dokma önümleriniň iň täze görnüşlerini hem oturan ýerlerinde satyn alyp bilerler. Häzirki wagtda söwda platformasynyň mobil goşundylary hem taýýarlanýar. Ýene bir bellemeli zat, söwda platformasy arkaly dokma önümi sargyt edilende, şol harydyň sargyt edilen ölçeginden bir uly, bir kiçi ölçegi hem müşderä ätiýaçlyk üçin eltilýär. Bu hem öz gezeginde, dokma harytlary söwda platformasynyň ynamdarlygyny ýokarlandyrýar.