• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde öz önümlerini görkezdi

  27.05.2021

Ýakynda, 24 ― 25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanylyp, «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergi geçirildi. Sergide Aşgabat şäheriniň ösüşleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan köpugurly üstünlikleri giňden beýan edildi. Bu baýramçylyk sergisine ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, telekeçiler, şeýle-de paýtagtymyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary gatnaşyp, öz alyp barýan işleri we öndürýän önümleri bilen tanyşdyrdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem bar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisinde bu ministrligi ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy eksport ugurly pudagy hökmünde öz önümlerini görkezdi. Ministrligiň önümleriniň sergi diwarlygynda ýerleşdirilen nah hem ýüpek matalaryny, tikin hem örme önümlerini we beýleki ýokary hilli, ajaýyp bezegli döwrebap dokma önümlerini sergä gatnaşanlar uly höwes bilen synladylar.