• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň gazanan üstünlikleri

  27.09.2021

“CentralAsia.news” gazetiniň ykdysady synçysy Walentin Trapeznikow okyjylar bilen Türkmenistanyň 30 ýyllyk garaşsyzlygynyň dowamynda gazanan üstünliklerini wasp edýän analitik syn bilen paýlaşdy.

Synçynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri diýip, düzüminde iri dokma toplumlary, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, tikin fabrikleri we beýleki önümçilik desgalary ýaly kärhanalaryň 70-den gowragy bolan dokma senagaty pudagyny aýtmak bolar. Öndürilen önümleriň takmynan 80% -i daşarky bazarlara iberilýär. Her ýyl 30-dan gowrak kärhana ýüzlerçe million ABŞ dollaryna barabar bolan önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edýär.