• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Türkmenistanyň dokma senagaty ýokary ösüş depginine eýe bolýar

  23.01.2022

Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik kärhanasy ýurdumyzyň dokma senagaty ministrliginiň öňdebaryjylarynyň biridir. Geçen ýylda kärhananyň hünärmenleri tarapyndan meýilnamalaýyn borçnama 125 göterim ýerine ýetirilip, jemi öndürilen dokma harytlarynyň bahasy 16 million 310 müň manada deň boldy.

Bereket tikinçilik kärhanasynda önümleriň öňdebaryjy kämil tehnologiýalar arkaly öndürilmegi olaryň hil taýdan tapawutlanmagyny we ilat arasynda uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär. Bu ýerde döwlete degişli we hususy kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň sargytlary esasynda ýokary hilli önümler öndürilýär.