• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Dokma senagatynyň önümleri “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisinde görkezildi

  14.10.2021

9-njy oktýabrda «EXPO 2020 Dubai» atly Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Sergi diwarlyklarynyň türkmen halysy we ahalteke bedewleriniň 5-siniň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly bezelmegi myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.

Türkmen dokma önümleri Türkmenistanyň “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisindäki pawilionynyň bezegi boldy. Bu ýerde milli keşdeli eşikler, şeýle hem pagta önümleri görkezildi.

Dubaýda geçirilýän «EXPO 2020» Bütindünýä sergisinde türkmen telekeçileri iri, kiçi we orta hususy kärhanalarynyň kuwwatly mümkinçiliklerini hem-de başarnyklaryny görkezdiler. Bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we ösdürmäge ýardam eder.