Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleri sergide görkezildi
30 ― 31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazananlaryny açyp görkezmek maksady bilen sergi guraldy. Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen bu serginiň nobatdaky guralyşy mukaddes Garaşsylygymyzyň şanly 30 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylmagy bilen bagly ýaýbaňlandyrylýan çäreler bilen utgaşdy.
Sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň önümlerine uly orun berildi. Ministrligiň sergi diwarlyklarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dokma senagaty kärhanalarynyň we edaralarynyň öndürýän döwrebap hem ýokary hilli önümleri görkezildi. Sergä gatnaşanlar ministrlige degişli kärhanalaryň tomus möwsümi üçin niýetläp öndüren täze harytlaryny uly gyzyklanma bilen synladylar.
Häzirki wagtda ministrligiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümler özüniň eksport mümkinçiliginiň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýokary hilli harytlar daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ýerini tutmak bilen, ilat arasynda uly islege eýe bolýar.
Söwda toplumynyň gazananlaryny açyp görkezmek maksady bilen guralan iki günlük serginiň çäklerinde «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» ady bilen modeller öýleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Onuň bilen ugurdaş bäsleşigiň ýeňijileriniň tiken döwrebap lybaslarynyň görkezilişi boldy.