• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda soňky hepdäniň dowamynda geçirilen söwdalaryň netijeleri

  31.05.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan alnan harytlaryň köpüsi Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalarynyň önümlerinden ybarat.

Daşary ýurt walýutasyna BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 6 million 224 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ermenistan, Hindistan, Pakistan döwletleriniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy 9 million 565 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 50 müň dollaryna barabar bolan portlandsement satyn aldylar.