Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide Dokma senagaty ministrliginiň önümleri görkezildi
21.09.2021
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Dokma senagaty üçin aýrylan ýörite ýerlerde pagta, trikotaž we tüýjümek önümleri, şeýle-de jins matalary ýerleşdirilen.
Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň adyndan Aşgabadyň dokma toplumy, Türkmenbaşy jins toplumy we Gökdepäniň Türkmenistanyň GahrymanyAtamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy gatnaşdylar.
Türkmenistanyň dokma kärhanalarynda öndürilýän önümlere hem içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
04.11.2024