Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär.
Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly ýolunyň şu gezekki tapgyrynyň jemini jemleýän we täze meýilnamalary düzýän sepgitdir. Watandaşlarymyz Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny baýram etmäge mynasyp taýýarlandylar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň nobatdaky tapgyryny dabaralandyrýan üstünlikler muňa şaýatlyk edýär. 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Foruma gatnaşan wekiller türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýetilen belent sepgitleriň ähmiýetini we düýp many-mazmunyny belledi, ýurdumyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmeginiň ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, 1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň dowamynda biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere göteren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň aýdyň ýoly bilen täze belentliklere ýetdi” diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bolsa: “Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Mundan 32 ýyl ozal Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy we ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy” diýlip bellenilýär.
...Ir säher bilen Garaşsyzlyk binasynyň öňünde ildeşlerimiz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen myhmanlar ýygnandylar. Pasyrdaýan baýdaklar, gül desseleri baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygyndan ýöräp, ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Onuň ugrunda Watan goragçylary nyzama düzüldi. Ýaş nesliň wekilleriniň öňünde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary bar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynyň beýik üstünlikleriniň nyşany bolan ýadygärlik toplumynyň öňünde gül dessesini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.