• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşylady

  01.01.2022

Hemmeleriň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň bagtyýar maşgalalarynyň agzybirliginiň aýdyň nyşanyna öwrülip, ynsan kalbyny şatlykdan doldurýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýan pursatlary şatlyk-şowhuna beslendi.

Milli Liderimiziň agtyklary özleriniň şatlygy, täze döredijilik işleri we ýakymly pursatlar bilen mähriban atasyny begendirdiler. Munuň özi agzybirligiň beýik nusgasyny görkezýän bagtyýar maşgalanyň Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy çeper döredijilik bilen meşgullanyp, özüniň “Türkmen nepisligi” atly surat eserini atasyna bu nurana baýramçylyk mynasybetli sowgat etdi. Şeýle pursatlar mähriban Arkadagymyzyň ruhuny belende göterip, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly hemmelere ýetip gelen 2022-nji ýyl bilen ýene bir gezek gutlag sözlerini ýetirdi.

Milli Liderimiz her bir maşgala ojagyna rowaçlyk we bagtyýarlyk, her bir ynsanyň ýüreginde beslän nurana arzuwlarynyň täze ýylda hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň garşylanýan ajaýyp pursatlarynda ata Watanymyzyň ýeten derejesini, rowaçlyklara beslenýän menzillerini wasp edip, täze goşgy döredendigini we ony “Jan Watanym Türkmenistan!” diýip atlandyrandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze döreden eserini ilki bilen maşgala agzalaryna okap berdi.

Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli täze döreden goşgusynyň metbugat sahypasynda çap edilmegi ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgada öwrüler. Milli Liderimiziň agtygy Kerim atasynyň goşgy okaýan pursady täze döreden sazyny çaldy.

Şol pursatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerim tutuş ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň, ähli adamlaryň Täze ýyl baýramyna sowgatly gelýändigini aýdyp, özüniň hem bu nurana baýramçylyk mynasybetli ýene bir täze saz eserini döredendigini habar berdi we ony atasyna çalyp berdi.

Munuň özi birnäçe ilhalar eserleri, belent owazly aýdymlar üçin joşgunly goşgulary döreden atasyndan görelde alýan agtygyň nusgalyk mekdebi dowam edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.