Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylyk pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
15-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda pagtaçylyk pudagyna bagyşlanan sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak ýaly agrotehniki işleriň alnyp barlyşy, keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti «ak altynyň» bol hasylyny almak maksady bilen, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak boýunça işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, ekinlere ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabatyň başynda sebitiň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan milletiň Liderine Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem-de Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Hususan-da, yhlasly zähmet çekýän pagtaçy kärendeçiler şu gyzgalaňly günlerde gowaçanyň hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň kömegi arkaly alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti gowaça meýdanlarynda keselleriň öňüni almaga hem-de zyýankeşlere garşy göreşmäge, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow gowaça meýdanlarynda ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Demirgazyk sebitiň zähmetsöýer pagtaçylary şu günler gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agronomçylyk görkezmelerine laýyklykda, talabalaýyk alyp barýarlar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ekinlere ideg etmekde işledilýän oba hojalyk tehnikalaryny hem-de beýleki enjamlary rejeli we netijeli ulanmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hem gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini aýny möhletinde geçirmek, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, şeýle hem welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin biokärhanalarda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Milletiň Lideri sebitiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ideg etmek, ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergisini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça görülýän toplumlaýyn agrotehniki çäreler, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerine ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gowaça meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümlerine taýýarlyk görlüşine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.
Milletiň Lideri oba hojalyk pudagyny, aýratyn hem pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, sanly ulgam eýýamynda bilim alýan talyplaryň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň, seçgiçileriň bu strategik ähmiýetli ekini ýetişdirmek babatdaky anyk teklipleri diňleniler.
Milletiň Lideri häzirki wagtda Türkmenistanda agrar pudagy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, obada döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmek meseleleri hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.