Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamaldy. «Ak şäherim ― Aşgabat» atly täze eser türkmen paýtagtynyň taryhyna bagyşlanýar.
140 ýyllyk taryhynyň dowamynda Aşgabat kynçylykly synaglaryň köp sanlysyny başdan geçirdi: Beýik Watançylyk urşunyň kynçylyklaryndan soňra 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýer titremesinde bary-ýogy birnäçe sekundyň dowamynda şäher ýer bilen ýegsan boldy. «Bu aýylganç tebigy betbagtçylykda ejir çekjek maşgala galmady. Ýöne dogduk şäherimizi dikeltmegi we täzeden gurmagy başardyk» diýip, döwlet Baştutany öz kitabynda nygtaýar.
Täze kitap türkmen paýtgatynda durmuşyň ähli ugurlaryna mahsus bolan özgerişleriň gerimi bilen tanyşmak isleýän türkmenistanlylara we daşary ýurtly okyjylara ajaýyp sowgat boldy. Şol bir wagtyň özünde-de ol şäheriň taryhyna bagyşlanan iňňän ähmiýetli gollanmadyr.
Türkmen paýtagtynyň täze görnüşi ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen berk baglydyr. Aşgabatdaky binalaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Olar diňe özüne mahsus binagärlik aýratynlyklaryna eýedir. Aşgabat günsaýyn gözelleşmegini dowam etdirýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ony öz eserinde «Merkezi Aziýanyň merjenine» deňeýär.
Bilşiňiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ugurlardan ýazylan onlarça eseriniň awtory. Olar ahalteke bedewlerine, Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerine, milli tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryna, türkmen alabaýyna, çaýyň melhemlik häsiýetlerine, ýurduň taryhyna, türkmen sazyna we medeniýetine bagyşlanan kitaplardyr. Geçen ýyl döwlet baştutanyň iki eseri ― «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaplaryny okyjylara ýetirendigini ýatladýarys.