• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň işewürleriniň arasynda wideogepleşikler geçirildi

  12.07.2020

Göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek, telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri aragatnaşyga çykdylar.

Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň, onuň ägirt uly kuwwatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ylmy-tehniki we tehnologik ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlar netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Wideoduşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz tarapyndan «Awangard» açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça tekliplerini öňe sürdüler.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Duşuşyga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky söwda wekili hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili hem gatnaşdylar.