• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň wekilleri sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça halkara çärä gatnaşarlar

  21.11.2023

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22–25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar.

Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça Aziýa ösüş banky tarapyndan guralan bu çäräniň maksady bilim we tejribe alyşmak, torlary döretmek we innowasiýa çözgütleri taýýarlamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça mehanizmleri gözlemek üçin meýdançany üpjün etmekden ybarat. Üç günüň dowamynda sammite gatnaşyjylar sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjylary, syýasatçylar we telekeçiler bilen duşuşmaga mümkinçilik alarlar.

Gün tertibine pudak ýolbaşçylarynyň esasy çykyşlaryndan başlap, dürli pikirleri beýan etmek üçin ähli çekişmeler girýär. Bölümlerdäki maslahatlar içgin gepleşiklere we ýöriteleşdirilen temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.

Sanly ykdysadyýet boýunça guraljak gezelençler gatnaşyjylara taryhyň we döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşmasyny görkezýän Hançzhou şäherinde innowasiýa düşünjeleriniň nähili durmuşa geçirilýändigini görmäge mümkinçilik berer.

Innowasiýa sammitine we sanly ykdysadyýet syýahatyna guramaçylar tarapyndan sanly geljege tarap ädim hökmünde garalýar. Bu çäre 23-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek ikinji sanly dünýä söwda sergisiniň 2023-nji ýyldaky goşmaça çäresi hökmünde guraldy. 100 müň inedördül metrlik sergi meýdançasynda 800 kärhana görkeziler.

EKSPO-nyň çäginde ýüzden gowrak çäre geçiriler we sanly söwda pudagynda ýüzden gowrak täze önümleriň we hyzmatlaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. 68 sany halkara guramasy we işewür birleşigi sergä gatnaşýandyklaryny tassykladylar.