• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Ykdysady üstünlikleriniň sergisinde ýurdumyzyň dokma önümleri görkezildi

  20.09.2020

19-20-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine bagyşlanylyp sergi geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary we bölümleri pudagyň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän sergä işjeň gatnaşdy.

Dokma önümçiligi, ýurduň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Sergä Dokma senagaty ministrligi däp bolşy ýaly pagta we ýüpek matalary, panbarhat, trikotaž we jinsi önümlerini hödürledi. Mundan başga-da, soňky ýyllarda aýakgap öndürýän ýerli kärhanalar halkymyza işjeň hyzmat edýär. Sergide klassiki we sport aýakgaplaryny öndürýän “TG aýakgap” kärhanasynyň aýakgaplary görkezildi.

Sergide milli egin-eşikler aýratynlygy bilen tapwutlandy, esasan-da zenanlar üçin niýetlenen keşdeli we nagyşly lybaslaryň birnäçe görnüşleri görkezildi. Owadan reňkler, nagyşar bilen bezelen torbalar sergide aýaratyn üns çekdi.

Häzirki wagtda dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilýän, erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen egin-eşiklere, şeýle-de aýakgaplara isleg has-da ýokarlanýar. Harytlara islegiň artmagynyň sebäbi bolsa öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmak ugrunda edilýän aladalar bilen baglanyşykly bolup durýar.