• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Wagyz-nesihat duşuşygy

  16.08.2021

Ýakynda Gökdepe etrabyndaky «Argaç» ýüň egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň 1-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklary hakynda giňişleýiň gürrüň edildi. Duşuşyga fabrigiň işçi-hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulular gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de Watana, halkymyza we Gahryman Arkadagymyza wepaly şahsyýetler edip terbiýelemek dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem duşuşykda maşgala mukaddesligi, maşgala gymmatlyklary, sagdyn-durmuş ýörelgeleri barada gymmatly maslahatlar berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar berkarar döwletimizde halal zähmet çekmäge döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.