Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Türkmenbaşy dokma toplumynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ulgamlary gurşap alýan ösüşleri hakynda gürrüň edildi. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler, aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dokma senagaty ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrýan işlerini, häzirki döwürde ministrligiň kärhanalarynda öndürilýän önümlere bolan ýokary islegler, önümleriň köp mukdarda daşary döwletlere eksport edilmegi dogrusynda buýsanç bilen bellediler.
Wagyz-nesihat maslahatynda Türkmenbaşy dokma toplumynda öndürilýän önümleriň göz öňünde tutulan meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.