Ýaş dokmaçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi
Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ýaş dokmaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu masalahat «Sagdyn jemgyýetden jahan gülleýär, Arkadag nurundan Watan gülleýär» diýip atlandyryldy.
Maslahatda edilen çykyşlarda arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, jemgyýetçilik ýerlerinde bellenilen howpsuz araçägi saklamak, kadaly iýmitlenmek we sagdyn-durmuş ýörelgesine eýermek hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sporty gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak arkaly asylly endigi kemala getirmek barada bellenildi.
Wagyz-nesihat maslahatyna gatnaşan ýaşlar ýurdumyzda sport hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerini ösdürmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.