• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​«Ýeňiş» tikin kärhanasynyň önümleri mekdep bazarlarynda ilata hödürlenýär

  21.08.2021

Şu günler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan «Ýeňiş» tikin kärhanasynda işler gyzgalaňly depginde dowam edýär. Bu ýerde zähmer çekýän ezber tikinçiler tarapyndan taýýarlanylýan mekdep okuwçylarynyň egin-eşikleri ýurdumyzyň dürli söwda nokatlarynda hereket edýän mekdep bazarlaryna ugradylýar. Olaryň arasynda oglanlar üçin ak köýnekler, gyzlar üçin zähmet dersinde geýer ýaly ýörite egin-eşikler bar.

Ýurdumyzyň Mary şäherinde ýerleşýän «Ýeňiş» tikin kärhanasynda öndürilýän tikin önümleriniň ekologiýa taýdan arassa matadan taýýarlanylýandygy olaryň esasy aýratynlygydyr. Şeýle hem kärhana öz öňünde goýlan zähmet öndürijiligi boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Muňa şu ýylyň geçen ýedi aýynda kärhana tarapyndan 25 million 405 müň manatlyk önümiň öndürilendigi aýdyň mysaldyr.