• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Ýüpek önümçiligi

  14.08.2020

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolan ýüpekçilik - dokma senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň taryhy Tiirkmenistanda müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýar. Ýüpek «keteniden» tikilen egin-eşikler türkmen zenanynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Örän owadan hem aýdyň öwüşginli, nepis we berk «mulham» we «kazin» matalary gadymy Merwiň çeper elli ussatlary tarapyndan dokalypdyr.

Ýüpekden dokalan ajaýyp türkmen halylary, gadymdan bäri Günbatary we Gündogary ygtybarly söwda ugurlary bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça, kerwenlerde onlarça ýurtlara iberilipdir.

X asyrda Merwde dokalan halylaryň seýrek nusgalary saklanyp galypdyr. Olarda halylaryň atlary, dokalan senesi we ýeri görkezilen ýazgyly nagyşlar bar.

Ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şunda tut agaçlarynyň ýurdumyzda ekilýän iň gowy gömüşleriniň ýaýradylmagyna ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Her bir welaýatda tut agaçlaryny ekmek üçin meýdanlar bölünip berilýär. Ýylda ýollaryň ugrunda, ekin meýdanlarynyň töwereginde, derýalaryň we suwaryş akabalarynyň kenarlarynda on müňlerçe agaçlar oturdylýar.

Häzirki döwürde ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň tikinçilik ulgamlarynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg döredýändigi has äşgär ýüze çykýar. Dürli reňkli we köp öwüşginli ýüpek ýüplüklerine islegleriň ep-esli artmagy, hususy kärhanalarda elde dokalýan halylaryň, soňky ýyllarda okgunly ösýän amaly-haşam sungatynyň önümleriniň öndürilmegi bilen şertlendirilendir.