• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​ Ýüpekçiler pile ýygymyna girişdiler

  26.05.2021

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda pile öndürmegiň aýgytlaýjy möwsümi ― pile ýygymy dowam edýär. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek maksat edinilýär. Ýüpekçiler ýurdumyzyň harmanyna bellenilen möçberde pile tabşyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şunda ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan bellenilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi milli dokma senagatyny esasy çig mallaryň biri, ýüpek önümçiliginiň esasyny düzýän ýokary hilli pileler bilen üpjün eder.

Bilşimiz ýaly, pile öndürmek möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi hakynda hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi. Şol tabşyryklar esasynda kärendeçi ýüpekçiler üçin ähli şertler döredilip, şertnamalar öz wagtynda baglaşyldy we olaryň öňünde bu ugurda bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Pile ýygymyna girişen oba hojalykçylaryň yhlasly zähmeti döwlete pile tabşyrmak baradaky borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.