Ýurduň demirgazynda ýüpek gurçugyny idetmek işleri dowam edýär
07.05.2021
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri şu ýyl 500 tonna çig pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Bu mukdaryň 184 tonnasy S.A.Nyýazow adyndaky, 160 tonnasy (her biri 80 tonna) bolsa Gurbansoltan eje adyndaky we Görogly etraplarynyň ýüpekçilerine degişlidir. Howa şertleri sebäpli bu ýerde ýurduň beýleki ýerlerinden bu işe gijräk girişilýär.
Häzir welaýatda ýüpekçi kärendeçileriň 13 müňden gowragy bar. Häzir ýylylykdyr çyglylyk derejesiniň talaby saklanýan, sanitar we tehniki talaplar ýerine ýetirilýän gurçukhanalarda ýüpek gurçuklaryny idetmek dowam etdirilýär. Häzir welaýatyň tut meýdanlary 2000 gektardan-da köp ýeri tutýar. Şu ýyl bolsa ony ýene-de takmynan dört esse giňeltmek göz öňünde tutulýar.
04.11.2024